gyşyk

gyşyk
[gy:şyk]
Duruş ýagdaýy göni däl, dim-dik däl, egri, kese.
∙ Çagarygy gyşyk bolsa-da, tüssesi göni çykýandyr. (Myraly)
∙ Ak telpegini gyşyk, geýip, eýläk-beýlek geçerdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem gyşyk - gyşygy.
gyşyk seretmekBiriniň alyp barýan syýasatyna närazylyk bildirmek, garşy çykmak.
∙ Ol özüne gyşyk sereden adamlary tutup başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»